Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda aýdym-saz bilen utgaşdyrylan brifing geçirildi. «Dünýä bezegi — zenan kalby» atly bu brifing Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Brifingde «Esger» gazetiniň uly habarçysy Aýgül Garaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Jeren Öwezowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň mugallymy Ogulsadap Durdyýewa çykyş etdiler.
Çykyşlarda ýurdumyzyň zenanlarynyň jemgyýetçilik durmuşynda işjeň orun eýeleýändigi, olaryň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň islendik ugurda görüp boljak ajaýyp netijeleri berýändigi, döredijilikli we ruhubelent işleri bilen berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de, çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň zenanlaryň abadançylygy ugrunda alyp barýan ägirt uly işlerine hoşallyk bildirip, olara berk jan saglyk, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Gülruh ATABAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.
Teswirler