Şu gün – 1-nji martda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda, zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolup, döwlet derejesine saýlanan zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň jemgyýetde alyp barýan işlerine degişlilikde, 8 ugur boýunça ýeňijiler yglan edildi. Netijede, «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulşat Durdyýewa, «Ýylyň işewür zenany», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Meňli Dolyýewa «Ýylyň çeper elli zenany», «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň “Gurjak” halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Mähri Şyhyýewa «Ýylyň mährem zenany», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherindäki 20020 harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň psihology Aýgözel Annamyradowa «Ýylyň Watançy zenany», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan zenanyň yhlasy”daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Hurmagözel Mälikowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Bagtygül Meretgylyjowa «Ýylyň telekeçi zenany», «Halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähriban Ergeşowa «Ýylyň halypa zenany» diýen atlara mynasyp boldular.
«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlar Hormat hatlary, şeýle-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Teswirler