Türkmenistanda yslam dini diňe bir din bolman, eýsem milliligi kesgitleýän, nesilden nesle geçip gelýän dünýägaraýyşdyr. Yslam dininiň esasy kadalaryna eýerip, şol sanda Remezanda her ýyl otuz günläp oraza tutup, türkmen halky beden we ruhy kämillige, ýagşy işleri ileri tutmaga we erk-ygtyýaryny taplamaga isleg-niýetinden ugur alýar. Tutuş bir aýlap, agyz beklenilip, ýagşy işler amal edilýär, „agzaçar“ sadakasy berilýär.
Remezan aýynyň ýigrimi ýedinji gijesi —Gadyr gijesi iň gadyrly, keramatly gijedir. Biribar şol agşam mukaddes Gurhanyň ilkinji aýatlaryny iberipdir, şonuň üçinem bu gije päl-niýetiň arassa bolmaly. Ozaldan gelýän ýol-ýörelgä laýyklykda, adamlar bu gije Hydyr atany görjek bolup, uzak gije ýatmaýarlar, ynançlara görä, ol päk niýetli, arassa adamlara görünýärmiş. Her maşgala şol agşam ýagşy geljek, abadan durmuş, saglykdyr bagt diläp aýat-töwür okaýar. Däp bolşy ýaly, Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti tussaglaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekip, olara dogry ýola düşmäge mümkinçilik döredýär.
Oraza baýramy Remezan aýynyň tamam bolanyny aňladýar. Şol gün türkmenistanlylar gapysyny giňden açyp, bol saçak ýazýarlar, bir-birine myhman baryp, goňşulara tagam hödürleýärler, sowgat berýärler. Belent ruhlylygyň, şatlygyň, agzybirligiň we abadançylygyň nyşamy bolan bu güni bilelikde baýram edýärler.
Goý, halkymyzyň dünýä nusgalyk däp-dessurlaryna, medeni gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik maksatly tutumlary rowaç alsyn!
Hakmyrat BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
institutynyň hukuk fakultetiniň mugallymy.
Teswirler