Aşgabatda boş iş orunlary hödürlenildi

6-njy fewralda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirildi. Çäräni Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, etraplaryň degişli bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde gurady.

Iş gözleýänler bilen iş berijileriň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilen bu çärä şäheriň dürli edaralary we kärhanalary gatnaşdy. Jemi 123 edara-kärhana özüniň bar bolan boş iş orunlarynyň 3348-sini hödürledi. Olaryň 2213-si önümçilik we işçi hünärlerine degişli boldy.

Çärä gatnaşan 47 edara-kärhananyň wekilleri iş gözleýän raýatlar bilen göni duşuşyklar geçirip, olaryň başarnyklary we tejribeleri bilen tanyşdylar. Netijede, 10 raýat iş bilen üpjün edilip, degişli ýollanma hatlaryny aldy. Mundan başga-da, 128 raýat çärä gatnaşyp, olaryň 118-si söhbetdeşlige çagyryldy.

Bu çäre iş gözleýänler üçin täze mümkinçilikleri açyp, olaryň iş tapmak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Şeýle-de, iş berijilere degişli hünärmenleri saýlamak üçin giň mümkinçilik döretdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga uly itergi berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok