Hukuk diplomlaryny ykrar etmekde täze tertip

Türkmenistanda daşary ýurt hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň tertibi täzelendi. Türkmenistanyň Bilim Ministriniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda çykaran 392 belgili buýrugy bilen daşary ýurtlarda berlen hukuk diplomlaryny ykrar etmegiň Tertibine düypli üýtgeşmeler we täze talaplar girizildi. Bu karar daşary ýurtlarda hukuk ugry boýunça bilim alan öwrenijileriň sowatlylygyny we milli kanunçylyga laýyklygyny berkitmäge niýetlenendir.

Täze düzgünüler esasynda “hukuk işi” ugry boýunça berlen ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalar üçin özboluşly düzgünlikler kesgitlendi. Esasy üýtgeşmelerden biri, daşary ýurtlarda hukuk bilimi alanlar üçin 3 aýlyk tölegli okuw programmasynyň düzülmegi boldy. Bu okuw programmasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Adalat ministrligi tarapyndan tassyk ediler we hukuk bilimine degişli täze bilimleri hödürlär.

Elektron we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly alan diplomlary ykrar etmek üçin ýörite synag topary düzüler. Bu topar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Baş prokuraturasy, Adalat ministrligi, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we beýleki degişli edaralaryň wekillerinden ybarat bolar.

Hukuk biliminiň hili bilen bagly girizilen bu täze talaplar milli hukuk ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelmegi we hukuk ugry boýunça bilim alýan ýaşlaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: minjust.gov.tm

Merjen AŞYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok