Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 27-nji dekabrynda 1844 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky 392 belgili buýrugy bilen Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä üýtgetmeler we goşmaça girizildi.
Bu buýruk bilen girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky Resminamalary ykrar etmek boýunça resminamalary kabul etmek we ykrar etmek bilen bagly guramaçylyk işlerini mundan beýläk Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi amala aşyrar. Şunuň bilen baglylykda, Innowasiýa maglumat merkeziniň amala aşyrýan işleri kesgitlendi. Täze girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Innowasiýa maglumat merkezi aşakdaky işleri amala aşyrar:
1) daşary ýurt döwletlerinde berlen Resminamalary Türkmenistanyň çäginde ykrar etmek işlerini alyp barmak üçin iş toparyny düzmek;
2) Gözükdirijiniň “Ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy” atly III babyna laýyklykda resminamalary kabul etmek (hasaba almak) üçin jogapkär wekilleri bellemek;
3) Resminamalary ykrar etmek baradaky Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlarynyň işini utgaşdyrmak;
4) Gözükdirijiniň “Ykrar etmek işini geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy” atly III babyna laýyklykda resminamalary kabul etmek we hasaba almak;
5) Resminamalary ykrar etmek baradaky Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlarynyň netijenamalaryna garamak we Döwlet synaglarynyň netijeleri boýunça karar kabul etmek;
6) Resminamalary ykrar edilen raýatlaryň sanawyny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ibermek;
7) Resminamalary ykrar etmegiň we okuwlary guramagyň tertibine degişli maglumatlary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň Internet torundaky resmi web – saýtynda ýerleşdirmek;
8) Türkmenistanyň Bilim ministriniň çykaran Resminamalary ykrar etmek hakynda buýrugy esasynda, gol çekip tassyklamak üçin, Ykrar şahadatnamalaryny Bilim ministrligine hödürlemek;
9) Ykrar şahadatnamasyny Resminamanyň eýesine gowşurmak.
Bulardan başga-da, ýokarda agzalan buýruk bilen grizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hatarynda Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplarda, ýagny Gözükdirijiniň bäşinji böleginiň (Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar) 1-nji bendiniň (Resminamalar şu hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr:) “b” kiçi bendiniň birinji abzasy “Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar olaryň eýesiniň okuwa giren ýa-da okuwy tamamlan döwründe dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri ýa-da olaryň şahamçalary tarapyndan” görnüşinde beýan edildi.
Bu üýtgetmeler we goşmaçalar ýurdumyzyň daşary ýurt resminamalaryny ykrar etmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegini hem-de halkara standartlaryna laýyk gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Buýrugyň we beýleki üýtgeşmeleriň doly görnüşini minjust.gov.tm saýtyndan tapyp bilersiňiz.
Merjen AŞYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler