Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Içeri Işler ministirliginiň, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň, Türkmensitanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap geňeşniň wekilleriniň gatnaşmagynda hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak maksady esasynda wagyz – nesihat duşuşugy geçirildi.
Çärede ýokarda agzalan wekilleriň eden çykyşlarynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar Döwlet maksatnamasynda” bellenilşi ýaly, ýaşlaryň arasynada terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykan nogsanlyklaryndan daşda durmaklaryny
gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ýaşlşaryň hukularyny we kanuny bähbitlerini goramaga we olary özlerine düşündürmek bilen türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-
dessurlaryny giňden wagyz etdiler.
Wagyz – nesihatyň dowamynda jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmaklygyň edep kadalaryny we gözel tebigatymyzy arassa aýawly saklap daşky gurşawa zyýan ýetirmezligiň tertip–düzgüni doly hem-de dogry berjaý etmekligini nygtadylar.
Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna mukaddeslik hökmünde garaýan halk. Bu gymmatlyklar bolsa mähriban halkymyzyň kalbynda soňlanmajak şygar bolup ýaşaýar biziň däp-dessurlarymyzy berjaý etmek, hormat goýmak gorap saklamak her bir türkmen ýaşlarynyň mukaddes borçlarynyň biridir.
Wagyz – nesihat çäraniň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän işleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenisatanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Serdar NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Mezkezi Geňeşiniň Aşgabat şäher
Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň hojalyk
işleri boýunça hünärmeni.
Teswirler