Şu ýylyň 8-17-nji noýabry aralygynda paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda “Ashgabat Open-2024” atly halkara tennis ýaryşy geçiriler.
Bu halkara ýaryşyna Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we Gonkongyň umumylykda 12 döwletiň 70 türgeniniň, şeýle hem sport wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Halkara ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere ýadygärlik sowgatlarynyň, Halkara Tennis federasiýasynyň medallarynyň we sertifikatlarynyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl Aziýanyň tennis federasiýasy Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyny «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýip ykrar etdi.
Mähriban ALLABERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler