Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen ata Watanymyzda ynsan saglygy ýurduň baýlygyna deňelýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki gazanan üstünlikleri, ýola goýlan döwrebap saglyk hyzmatlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, ýakynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Bu hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda döwrebap saglygy goraýyş desgalary — 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Şol gün ak şäherimiziň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylmagy hem baýramçylygyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ýeri gelende bellesek, bu şaýola germaniýaly belli kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze 16-njy jiltiniň çapdan çykmagy hem ähli halkymyzda hoşallyk we çuňňur kanagatlanma duýgularyny döretdi.

Eziz Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilata edilýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek maksadyndan ugur alýan şeýle döwletli tutumlar döwürdeşlerimizi buýsandyrýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň göwnejaý hereket etmegi her birimiziň, ýakynlarymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegidir, ömrüniň uzamagydyr, döredijilik ukybynyň artmagydyr, ýaş nesliň sagdyn ösmegidir.

Goý, mähriban halkymyzyň saglygy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Sähetbike ÖWEZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmen döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok