2024-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda Aşgabatda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçiriler. Bu döredijilik çäresiniň çäklerinde Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişini guramak, daşary ýurtly meşhur kinoaktýorlar we režissýorlar bilen ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Kinofestiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäherine, «Seýit Jemaleddin» binagärlik toplumyna, 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine, Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmekleri hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmekleri meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly türki döwletleriň dürli şäherlerinde her ýyl geçirilýän festiwaldyr. Bu halkara festiwal ilkinji gezek 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň esaslandyrylmagynyň maksady bolsa, türki döwletleriň kino sungatynyň ösmegi, şeýle-de türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Guwanç ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler