Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ösüşiniň ylym, bilim bilen berk baglydygyna «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berilmegi, ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň gurlup, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilmegi, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy babatda edilýän uly tagallalar esasynda göz ýetirmek bolýar.
Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň sanynyň artdyrylmagy, pedagogik işgärleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagy, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza çäksiz buýsanç, ata Watana belent söýgi ruhunda terbiýelemek ugrunda zerur çäreler görülýär. Müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, şöhratly taryhymyzyň düýpli öwrenilmegi, döwletimiziň dünýäniň ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi, täze döwürde jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly çärelerde öz beýanyny tapýar.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigi, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmaklygyň hem döwrüň talaby bolup durýanlygy, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda alnyp barylýan uly işlere ýaşlaryň hem çekilýändigi iňňän buýsandyryjydyr. Ýaşlar hakyndaky üns-aladany döwlet syýasaty derejesine çykaran Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly başlangyçlary, beýik işleri bagtyýar ýaşlara ata Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde, öňküden-de yhlasly okap, ylym-bilim alyp, halal işläp, köňül maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, Türkmenistan ýurdumyzyň ösüşdir özgerişlerine mynasyp goşant goşmakda ruhy güýç bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň kämil ylymly, bilimli, ösen düşünjeli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli işleri uly üstünliklere beslensin!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler