Rahat durmuşyň goragynda

Berkarar döwletimizde her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrundaky beýik işleriň bir nusgasydyr. Çünki ýollaryň asudalygyny üpjün etmek, hereket howpsuzlygyny gazanmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Halkymyzda asuda ýol hakyndaky düşünje abadançylyk, rowaçlyk bilen baglanyşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes ýörelge we kämil düşünjeler täze many-mazmuna eýe boldy. Ýollaryň asudalygy hakyndaky alada döwlet syýasaty derejesinde möhüm ähmiýet berilýär. Ony hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreleriň üstünlikli geçirilýändigi doly tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu biraýlygyň dowamynda dürli wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde guralýar. Olarda pyýadalaryň we sürüjileriň, aýratyn hem, okuwçy we talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmegi ündelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň asudalygyny, döwletli tutumlarymyzyň rowaçlygyny üpjün edýär.

Ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr. Bu kadalary diňe biraýlygyň dowamynda däl, eýsem, hemişe berjaý etmek wajyp. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäräniň geçirilmegi hem şu maksatdan ugur alýar.

Aýnabat JUMAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň magistranty.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok