BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasy açyldy

6-njy iýulda, ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, BMG-niň Türkmenistanda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we ýurduň Hökümetine hemmetaraplaýyn kömegi we işe berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Belläp geçsek, Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok