Mekgejöwen gulpagynyň peýdasy

Mekgejöwen gulpagy böwrek we peşew ýollarynyň bozulmalaryny, iýmit siňdiriş ulgamyny, süýji keselini, saç we deri kesellerini bejermekde giňden ulanylýar.

Saçaklary uny we ýagy bilen bezän mekgejöwen ilki bilen Ýewropa yklymyna we ol ýerden Afrika yklymyna ýaýrady we Demirgazyk Afrikanyň üsti bilen Merkezi Aziýa äkidildi.

Mekgejöwen gulpagy ýürek-damar keselleriniň we ýokary holesteriniň öňüni almakda örän täsirli stigmasterol we sitosterol bar. Şeýle hem agyz we deriniň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga we bedendäki glýukoza derejesini kadalaşdyrmaga kömek edýän ösümlik kislotalary bar. Mekgejöwen gulpagyny ulanmagyň iň ýaýran usuly çaý bilen içmek bolup durýar.

Netijeli diuretik bolany üçin, mekgejöwen böwrekden böwrek daşlaryny aýyrmak we peşew ýolundaky ýokançlyklary ýok etmek üçin ulanylýar. Şeýle hem täze böwrek daşlarynyň döremeginiň öňüni almaga peýdasy bar.

Mekgejöwen gulpagy saçlara ideg etmekde şeýle hem düwürtik yzlaryny öz wagtynda gidermekde deri üçin hem peýdalydyr. Gan basyşyny peseltmek we deňleşdirmek arkaly gan basyşynyň meselelerine oňyn täsir edýär. Ýadawlylygy aýyrýar.

Hurma ÖWEZLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok