Metbugatda we Milli Goşun žurnalynyň internet saýtynda orta harby bilim berýän mekdeplere kabul edişligini tertibi çap edildi.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň
TERTIBI
- Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren okuwçylary saýlap almak harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, 2020- nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 11 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 7-nji synpy tamamlaýan, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn we Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren 1 4-1 5 ýaşyny dolduran ýetginjek oglan raýatlaryň arasynda geçirilýär.
- Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.
- Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar. Arzada şular görkezilýär: ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan senesi, ýaşaýan ýeriniň salgysy, okaýan mekdebiniň belgisi we salgysy.
Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
dalaşgäriň ene-atasynyň harby wekiliň adyna ýazan arzasy;
dalaşgäriň ene-atasynyň şahsyýetini tassyklaýjy resminamasynyň nusgasy;
terjimehal we bellenen nusgada sowalnama;
dogluş hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;
okaýan orta mekdebiniň 7-nji synpyndaky ýetişigi barada res mi nama (1, 2, 3 çär ýeklerinden göçürme);
6 sany 3х4, 4 sany 4х6, 2 s any 9х1 2 öl çegde, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;
okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;
okaýan orta mekdebindäki şahsy işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan nusgasy;
Ýöriteleşdirilen harby mekdepde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologiki, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);
keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň) göçürmesi;
ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;
ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
eger dalaşgäriň ejesi ýa-da kakasy aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da nikasy bozulan bolsa tassyklaýjy resminamanyň tassyklanan nusgasy.
- Welaýat we Aşgabat şäher harby wekillikleriň synag topary tarapyndan, dalaşgärleriň giriş synagdan geçmekleri üçin goýberilendigi ýa-da gaýtarylandygy barada dalaşgärleriň ýazgyda duran ýeri boýunça ýerleşýän etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine 2020-nji ýylyň 1- nji i ýunyna çenli habar berilýär.
- Dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleri ni ň 11 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 7-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
- Ýetim ýa-da ene-atasynyň howandarlygyndan mahrum bolan, bellenen ýaş derejelerinden geçmedik dalaşgärler lukmançylyk gözegçiliginiň netijenamasy hem-de özi bilen geçirilen söhbetdeşligiň netijeleri boýunça giriş synagyny tabşyrmazdan Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilýärler.
- Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul edilen okuwçylar umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde dört wagtyna nahar berilýär. Ýöriteleşdirilen harby mekdebi tamamlanlaryň Türkmenistanyň ýokary harby okuw mekdeplerine çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden okuwa girmäge hukugy bardyr.
Kabul ediş topary.
Teswirler