Harby-deňiz instituty okuwa çagyrýar

TÜRKMENISTANYŇ GORANMAK MINISTRLIGINIŇ HARBY-DEŇIZ INSTITUTYNA OKUWA ÇAGYRÝARYS!

2020 — 2021-nji okuw ýy­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­liginiň Harby-deňiz instituty okamaga isleg bildirýän orta bilimli, çagyryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen, ýa­şy 24-den geç­me­dik ýa-da Türk­menistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini ta­mam­lan, ýa­şy 17-25 ara­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­ny gi­riş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy ders­le­ri hem-de be­den taý­ýar­ly­gy (ka­da­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek) bo­ýun­ça giriş synaglary kabul edilýär.

Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.

Biziň salgymyz: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenba­şy şäherçesiniň Asudalyk köçesiniň 10-njy jaýy. Telefon belgilerimiz: 8-00-243 7-98-24; 7-81-47; 7-97-34.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok