Türkmen senetçilik önümleri halkara söwda platformasynda ýerleşdiriler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistan Watanymyzda medeniýeti we sungaty ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha kämilleşýändigine, medeniýete, sungata uly sarpa goýulýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Halklaryň arasyndaky dostana gatnaşyklar medeniýet we sungat dünýäsinde bizi birleşdirdi. Bu gün sungatyň we senetçiligiň güýji parahatçylygy pugtalandyrýar, dostlugy dabaralandyrýar.

Ýurdumyzyň senetçilik önümleri inni dünýä ýurtlarynda islegini artdyrýar. Muňa mysal edip “Le­bap Handmade express” mak­sat­na­ma­sy se­net­çi­lik önüm­le­riň ba­zar­la­ry­ny art­dyr­mak we hal­ka­ra sa­tuw­la­ry ýo­kar­lan­dyr­mak üçin türk­men se­net­çi­le­ri­niň önüm­le­ri­ni “eBay” on­laýn ba­za­ryn­da we beý­le­ki hal­ka­ra söw­da plat­for­ma­la­ryn­da ýer­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy üçin “Le­bap HME” mak­sat­na­ma­sy­nyň 20 sa­ny gat­na­şy­jy­sy önü­miň di­zaý­ny, so­si­al me­dia mar­ke­tin­gi, ma­ha­bat bil­di­riş­le­ri­ni ýaz­mak , su­ra­ta dü­şür­mek we san­ly mar­ke­ting ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça alty aýyň dowamynda gymmatly bi­lim al­dy­lar. Mundan başgada bu mak­sat­na­ma ABŞ-nyň on­laýn dü­kan­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.

«Türkmeniň keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungata goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň senetçilik ulgamynyň ösdürilmegini ileri tutýan oňyn syýasaty öz netijesini berýär hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine giň ýol açýar.

Aknur MEREDOWA,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Diller
kafedrasynyñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok