Türkmen halkynyñ sarpalap, sarpasyny belentden tutýan eýsem, diñe bir türkmen halkynyñ däl, Ýer ýüzüniñ akyldary Magtymguly Pyragynyñ bu günki günde hem dünýä halklarynyñ arasynda şöhratu uludyr.Magtymguly Pyragynyñ şygryýet bossanyna seýil edenimizde, onda behişdi Jennediñ miwelerini dadan ýaly bolýarys. Magtymguly özünden soñky we tä şu günki günlere çenli döredip gelýän ählisiniñ halypasy hasaplanýar.
Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyñ söz sungatynyñ ussadydygyny nygtap, onuñ mertebe belentligini ýene bir gez Arşa çykaryp, akyldar şahyrymyzyñ ussatlygy dogrusynda jaýdar jümläni belleýär: “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyñ beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyñ hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyñ şygyrlaryndan egsilmez ylham ruhy güýç alýar”. Gahryman Arkadagymyzyñ bu parasatly jümlelere ýugrulan setirleri türkmen halkynyñ kalbynda, ruhunda Magtymguly Atamyza bolan belent hormat sarpanyñ aýdyñ görkezijisidir. Pikir ummanynda gulaçlap ýüzen dana Pyragynyñ gyzyla berimsiz setirleri biz ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak uçursyz baýlyk hasaplanylýar.
Ine, bu gün biz Magtymguly Atamyzyñ arzuwlan zamanynda ýaşaýarys. Ençeme asyry oñden gören akyldarymyzyñ hasyl bolan arzuwlary bilen gökde ganat kakýar.
Hydyr GOÇGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby.
Teswirler