Russiýadan Saud Arabystana barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden Eýrana geçdi

Golaýda, Russiýadan gelýän ilkinji ýük otlusy Türkmenistan bilen serhetdäki Inçe-Burun serhet geçelgesinden geçip, günortada Saud Arabystanyna barýan ýoldaky «Bandar-Abbasa» tarap ýola düşdi. Bu barada Eýranyň Demir ýollarynyň başlygy Miad Salehiniň aýdanlaryna salgylanyp, “Tehran Times” gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Miad Salehiniň aýtmagyna görä, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýän 36 sany konteýnerli otly Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesine bardy. Şeýle hem Eýranyň Demir ýollarynyň başlygy rus otlusy üçin resminamalary taýýarlamagyň tamamlanandygyny we ýük otlusynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň port şäheri bolan Jidda iberilmegi üçin Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas portyna ugradylandygyny aýtdy.

Miad Salehi gümrük nyrhnamalarynyň peselmegi netijesinde harytlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça daşamagyň bahasy takmynan iki esse azaldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu ugur boýunça Ýewropa hindi, hytaý we gündogar Aziýa önümleriniň hem daşamagyna garaşylýar.

Kerim ORAZMYRADOW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok