Latwiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkidýär

Latwiýa Türkmenistan bilen howa ulaglary, howa menzilini dolandyrmak, ýol ulaglaryny ösdürmek we demirýol gatnawlaryny goldamak babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýär. Bu barada Trend habar berýär.

“Latwiýa deňiz portlaryny özgertmek, şeýle hem howa menzilleriniň işgärlerini okatmak bilen bagly tejrbelerini paýlaşmaga taýýar. Biziň pikirimizçe, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda ygtybarly we netijeli ulag geçlegesini ösdürmek örän zerur. Şonuň üçin-de,
bu ugurda Latwiýa we Türkmenistan wajyp ähmiýetli orny eýeläp biler” – diýip, Latwiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň Latwiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridigini bellemelidiris. Häzirki wagtda iki ýurt özara söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, ulag-logistiki infrastrukturany gowulaşdyrmakda tejribe alyşmaga kömek etjek degişli gatnaşyklary berkitmek üçin bilelikdäki tagallalary dumuşa geçirýärler.

Hydyr GARLYÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok