Medeniýet ulgamynda alynyp barylýan özgertmeler

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda medeni ugurda alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda edilen tagallalaryň netijesinde ýurdumyzda köpsanly medeni ojaklar gurulýar ulanylmaga berilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 29-njy iýunynda açylan akylly Arkadag şä­he­rin­de ulanylmaga berlen birnäçe medeni ojak – bir wag­tyň özün­de 600 oky­jy­ny ka­bul et­mä­ge hem-de 3 mil­li­on ne­şi­ri sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen­ Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky ki­tap­ha­na­, ta­ryh we ar­heo­lo­gi­ýa, te­bi­gat, eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty, şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty, et­nog­ra­fi­ýa ser­gi zal­la­ry hem-de me­de­ni-aň bi­lim, yl­my-bar­lag, çe­per­çi­lik-di­kel­diş we ma­ha­bat­lan­dy­ryş bö­lüm­le­ri bolan Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­, dia­met­ri 13 met­re ba­ra­bar sirk çy­kyş­la­ryny gör­kez­meklik üçin ni­ýet­le­nen te­ge­lek meý­dan­ça­sy­ we 1500 orun­lyk to­ma­şa za­ly bol­an Gö­rog­ly adyn­da­ky döw­let at­çy­lyk sir­ki­ni agzamak bolar.

Şeýle-de 500 orun­lyk to­ma­şa­çy­lar za­ly bo­lan Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ry, dür­li saz gu­ral­la­ryn­da we mil­li saz gu­ral­la­ryn­da saz çal­ma­gy öw­ren­mek, aý­dym aýt­mak, tans et­mek, bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­ny öz­leş­dir­mek, sa­zyň ta­ry­hy­ny hem na­za­ry­ýe­ti­ni, di­riž­ýor­çy­lyk sun­ga­ty­ny ele al­mak üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tu­lan, her bi­ri 240 orun­lyk bo­lan Sa­hy Jep­ba­row adyn­da­ky ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­ we Şü­kür bag­şy adyn­da­ky ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi, bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da «Ar­ka­dag» te­le­ýaý­ly­my­nyň eda­ra­sy,  ikin­ji ga­tyn­da «Ar­ka­dag» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy, üçün­ji, dör­dün­ji we bä­şin­ji gat­la­ryn­da bol­sa, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Bi­lim we Me­de­ni­ýet mü­dir­lik­le­ri ýer­leş­ýän 5 gat­ly me­de­ni­ýet top­lu­my­nyň bi­na­sy ýurdumyzyň medeniýet pudagynyň ösüşinde ägirt uly döwrebap galkynyşy alamatlandyrdy.

Ägirt uly bu döwrebap galkynyş ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeklik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmeklik, teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, medeni aň-bilim edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmaklyk, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, medeniýet öýleriniň we beýleki medeni merkezleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaklyk babatda giň gerimli tagallalaryň edilýändigini aýan edýär.

Hut şu nukdaýnazardan-da, häzirki ajaýyp zamanamyzyň – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny yzygiderli kämilleşdirmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak, medeniýet we sungat işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri çeper döredijilige höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak maksady bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ugurda zerur işleri alnyp barylýar.

Aýgözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň Diller
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok