Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky bagtyýarlyga, abadançylyga, aýdyň ösüşlere beslenen eziz Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak, däp-dessurlarymyzy aýawly saklamak we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Çünki medeni mirasymyz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr, ebedi baýlygydyr.
Eziz ýurdumyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary medeni gatnaşyklaryň ösüşine hem oňyn täsir edýär. Dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan maddy we medeni mirasymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz dünýä ýüzünde meşhur.
Dürli döwürlerde türkmenler döwlet döretmekde baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalypdyr. Merdana ata-babalarymyz gadymyýetde beýik millet hökmünde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Ata Watany söýmek, halka gulluk etmek, mertlik hem edermenlik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp milli häsiýetleriň kemala gelmeginde Oguz han, Gorkut ata, Togrul beg we Çagry beg, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburun, Salyr Gazan, Jygalybeg, Görogly beg, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň orny diýseň uludyr. Şan-şöhraty dünýä dolan Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun aldy.
Ady äleme dolan “Görogly” dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde, has takygy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda we Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary açyldy. Bularyň ählisi hem, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy öňe sürýän Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny has-da belende galdyrýar.
Şeýle hem şan-şöhratly geçmiş taryhymyzyň çuňňur öwrenilmegi, medeni mirasymyzyň dünýä ýaýylmagy, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy babatda netijeli işler alnyp barylýar.
Ogulgurban TOÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik
ulgamlary fakultetiniň IV ýyl talyby.
Teswirler