«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Eziz Watanymyzyň binýady gaýym guruldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Karara gol çekdi. 2024-nji ýylda, nesip bolsa, söz ussadynyň şanly senesi ýokary guramaçylykly geçiriler. Nesip bolsa, ýakyn günlerde başy bulutlary sermeýän Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde şahyryň ägirt uly heýkeli açylar.
Hyýalynda Zeminiň myhy ýaly sarsmaz türkmen binasyny guran akyldar şahyrymyz il-halkyň derdi bilen ýaşaýan şahsyýet bolansoň, berkarar döwletli bolmak arzuwy onuň hemişelik hemrasy bolupdyr. Şahyr, il içinde aýdylyşy ýaly, «öz-özi bilen söhbet gurupdyr». Okan eserlerinden, alan terbiýesinden, gözüniň görüp, akylynyň kesdiginden Watan gymmatyny kesgitläpdir.
Watan mertebesi merdi-merdanalaryň mertebesine daýanýar. Mert ýigitler Watan üçin hiç zatdan, hatda şirin janyny orta goýmakdanam gaýtmaýar.
Halkyň döwletli bolmak islegi akyldar şahyryň baş temasy bolupdyr. Watan, ýurt, dogduk depe, il, halk, bitewülik baradaky setirleriň hemmesi şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr.
Akyldar şahyr bir hakykata aýdyň göz ýetiripdir. Watan – mukaddes. Şonuň üçin hem Watany mertebelän gerçekler, Watan üçin gara başyny orta goýup, gerek ýerinde şirin janyndan geçen gerçekler baky diridirler. Halk olara hakydasynda hemişelik ömür beripdir. Şahyr mertlik-namartlyk, edermenlik-ýöwsellik meselesinde diňe Watana bähbitlisini wagyz edipdir.
Şygyrlary bilen halky bitewi saklamaga çalşyp, il-ulsy agzybirlige ündän keremli setirleriň eýesi bu günki günde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan belent derejede sarpalanýar. Köpetdagyň belent gerşinde 60 metr belentlikde dikeldiljek Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärligi türkmen halkynyň şygryýetde baky yz goýan söz ussadyna bolan hormatynyň ýene bir ýüze çykmasy bolar. Dagyň üstündäki bürünçden ýasaljak ägirt uly heýkel, misli ýol görkeziji maýak ýaly, bir supra jemlenen halkymyzy çuňňur pelsepe älemine çagyryp durar.
Watan mertebesi beýikdir. Berkarar döwletde ýaşamagyň arzuwynda we milleti şol ajaýyp maksadyň daşynda merdana watançylyk ruhy bilen jebisleşdiren akyldar şahyrymyzyň mertebesi Watan mertebesi ýaly müdimidir.
Selbi ANNAMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalar
institutynyň talyby.
Teswirler