Güneşli Diýarymyz — bagtyýar ýaşlygyň mekany. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalar uly buýsanç bilen şeýle diýmäge esas berýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda ýaşlar hakdaky aladalaryň has-da rowaçlanýandygyna göz ýetirmek diýseň ýakymly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň wajyp ugry ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladadyr. Ýurdumyzda ylym we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilimde üstünlikleri gazanmak, önümçilige innowasion tehnologiýalary pugta ornaşdyrmak bilen milli ykdysadyýetiň kuwwaty artdyrylýar, ýaşlaryň bilim derejesi ýokarlandyrylýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi mugallymlary, bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar. Häzirki wagtda bilim ojaklarymyzda okatmagyň interaktiw usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň netijeli bolmagyna örän uly ýardam edýär. Ýaşlaryň özleri baradaky aladalara jogap edip, okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höwesleri has-da artýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işler zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, berkarar Watanymyzy dünýä tanatmaga ýardam berýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.
Ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Bagtyýar AŞYROW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler