Bagtyýar ýaşlygyň mekany

Güneşli Diýarymyz — bagtyýar ýaşlygyň mekany. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, döretmegi, gurmagy, sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän tagallalar uly buýsanç bilen şeýle diýmäge esas berýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şanly ýylymyzda ýaşlar hakdaky aladalaryň has-da rowaçlanýandygyna göz ýetirmek diýseň ýakymly.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň wa­jyp ug­ry ösüp gel­ýän ýaş ne­sil ha­kyn­da­ky ala­da­dyr. Ýur­du­myz­da ylym we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­lar üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ylym-bi­lim­de üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak, önüm­çi­li­ge in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry pugta or­naş­dyr­mak bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kuw­wa­ty art­dy­ryl­ýar, ýaş­la­ryň bi­lim de­re­je­si ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar. Ýaş nes­liň ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi mu­gal­lym­la­ry, bi­lim iş­gär­le­ri­ni has-da buý­san­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ojak­la­ry­myz­da okat­ma­gyň in­te­rak­tiw usul­la­ry­nyň hem-de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň ne­ti­je­li bol­ma­gy­na örän uly ýar­dam ed­ýär. Ýaş­la­ryň öz­le­ri ba­ra­da­ky ala­da­la­ra jo­gap edip, oka­ma­ga, öw­ren­mä­ge, dö­ret­mä­ge bo­lan hö­wes­le­ri has-da art­ýar. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­ma­ga, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy dün­ýä ta­nat­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ýaş­lar döw­let, hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryn­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da joş­gun­ly zäh­met çek­ýär­ler, te­le­ke­çi­lik işin­de oý­la­ny­şyk­ly baş­lan­gyç­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri­ne iş­jeň gat­na­şyp, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­na, kä­mil­leş­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Şeý­le yh­las­ly zäh­me­tiň oňyn ne­ti­je­le­ri ola­ryň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň mil­li we döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gin­dä­ki my­na­syp go­şant­la­ryn­da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar.

Ýaş­la­ryň ylym-bi­lim öw­ren­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Bagtyýar AŞYROW,

Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok