Türkmenistan 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 10-njy sentýabr aralygynda Sinandalide geçirilýän aýdym-saz festiwala gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Sinandali şäherinde geçirilýän festiwala dünýäniň çar künjegindäki meşhur ýerine ýetirijileri, dirijorlary, kompozitorlary we nusgawy aýdym-saz söýüjileri özüne çekýär.
Şeýle hem belläp geçsek, festiwalyň çäginde Türkmenistanyň Gürjüstandaky ilçisi D. Seýitmammedow festiwalyň guramaçylary we ýaş türkmen sazandalary bilen duşuşdy.
Ilçi festiwalyň gurnaýjylaryna minnetdarlyk bildirdi we häzirki zaman Türkmen-Gürjüstan döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bir böleginiň medeni we gumanitar ugurdygyny, bu ýerde Türkmenistan bilen Gürjüstanyň bilelikdäki iş we döredijilik hyzmatdaşlygynyň ýokarydygyny belläp geçdi.
Röwşen ABDYLLAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler