Kuwwaty günsaýyn berkeýän pudak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda obasenagat toplumyny ýokary derejede ösdürmeklige Hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Toplumda kuwwatly öndürijilikli döwrebap tehnikalar we enjamlar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň däne we pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmek işinde oňyn tejribe toplandy. Agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýadynyň we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasynyň döredilmegi ugrunda degişli işleriň alnyp barylmagyny hem bellemek gerek. Ekerançylyga, maldarçylyga smart tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ylmy-barlag edaralary tarapyndan oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde maldarçylykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin ygtybarly binýat döredilýär.

Türkmenistan suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, serhetüsti suwlary peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň dag etegindäki sebitlerde sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen suw howdanlaryna aýratyn orun degişlidir. Olar sil suw akymlarynyň ýetirýän zyýanynyň öňüni almaga, ýygnanan suwy ilatyň hojalyk zerurlyklary, ýagny ekerançylyk, üzümçilik we agaç nahallary ekilen meýdanlary suwarmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär, suw akymlarynyň bellenilen ugurlar boýunça bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Suw hojalygynda häzirki zaman, ekologik taýdan kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna gözegçiligi ýokarlandyrmak üçin degişli çäreler amala aşyrylýar.

Şunda iri möçberli milli taslamanyň amala aşyrylmagy — Garagum sährasynyň jümmüşinde täsin «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Çylşyrymly gidrotehniki ulgam bolan bu suw howdanynyň döredilmegi möhüm ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanyň çäklerinde hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipesiniň üstünde netijeli işlemäge mümkinçilik berýär. «Altyn asyr» Türkmen köli innowasion häsiýetli taslama bolup, ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriniň oňyn çözülmegine uly goşant goşýandygynyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmek maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň okgunly ösdürilýändigini, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylýandygyny hem-de hiliniň ýokarlandyrylýandygyny, olaryň görnüşleriniň giňeldilýändigini ynamly aýtmak bolar. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biridir.

Oýbek KAZAKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok