Nebit ýataklarynyň onlarçasyny ulanylyşa berildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» ýatagynyň hünärmenleri nebit ýataklarynyň onlarçasyny ulanylyşa berdiler. Şunuň bilen birlikde olar şu ýylyň birinji ýarymyny üstünliklere beslediler.

«Galkynyşnebit» ýatagynyň hünärmenleri nebiti gazyp almak, ýörite enjamlar bilen olary ölçemek, şeýle hem tehniki işlerde, çig nebiti we önümiň inžener-tehniki düzümini arassalamak, önümçiligi kämilleşdirmekde işeňňirlik görkezýärler.

Ýeri gelende belläp geçsek, her bir aýyň meýilnama görkezijileri ýüz göterimden artýar. Işçiler toparlary ykdysady görkezijileriň berjaý edilmegine, daşky gurşawyň goralmagyna gözegçilik edýärler. Mundan başga-da, hünärmenleriň içki infrastrukturasyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly sebitde uly göwrümli işler başlandy. Bu işde ýurdumyzyň kenarýaka sebitiniň topragynda we howa şertlerinde ygtybarly işleýän subut edilen usullar we enjamlar ulanylýar.

Nebitçileriň netijeli işiniň utgaşykly alnyp barylmagy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň özleşdirmegi we serişdeleri oýlanyşykly ulanmak ukyby öndürijilikli işiň esasy bolup durýar.

Gyrmyzy BABAÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inžinerçilik desgalary
fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok