Metbugat taryhynyň neşirýat arhiwçisi, alymy — Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy

Taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan medeniyet işgäri Almaz Ýazberdiýew aradan çykdy.

Belläp geçsek, Almaz mugallymyň türkmen medeni gymmatlygyny ýüze çykarmakda we ony dünýä tanatmakda bitiren uly işleri ylymsöýüji ýaşlara görelde mekdebi bolup dowam edýär. Bize hem InAshgabat web-saýtynyň redaksiýasynyň döredijilik topary bilen Almaz agadan kiçiräk söhbetdeşlik guramak miýesser etdi.

Ýagny, Almaz aganyň döredijiligi, aslyýetinde, örän seyrek duş gelýän üýtgeşik ýagdaýdyr. Eger biz ylmyň kitapşynaslyk, kitaphanaşynaslyk , bibliografiýaşynaslyk pudaklary boýunça oňa taý geljek alyma diňe bir Orta Aziýa döwletlerinde däl, eýsem ondan alyslarda hem duş gelmeýäris diýsek munuň özi ulaltma bolmaz.

Onuň şeýledigine möçberi boýunça ululy-kiçili 20 sany monografik barlag işleri we ýokary okuw mekdepleri üçin ýazylan okuw kitaplary bilen bir hatar da türkmen we rus dillerinde öňki Sowet Soýuzynyň merkezi we Türkmenistanyň döwürleyin metbugatynyň sanlarynda çap edilen yüzlerçe ylmy işleri we rus dilinde 14 jiltden ybarat “Saýlanan makalalary” şaýatlyk edýär.

Şeýle-de Almaz Ýazberdiýew barada web-saýtymyzda okap bilersiňiz:
Almaz Ýazberdiýew -metbugat taryhynyň neşirýat arhiwçisi, alymy
Podkast: Dr. Almaz Ýazberdiýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok