Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi

Düýn Kaka etrabynyň Telekeçiler mekdebinde maşgala mekdebi barada pedagogika maslahaty geçirildi.

Maslahatyň diňleýjileri mekdep okuwçylary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri boldy.

Pedagogika maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Mekanmyrat Babaýew “Üç görnüş ene-ata” atly tema boýunça çykyş etdi.

Maslahatyň dowamynda ýaşlara ene-atalaryň üç görnüşi, ýagny dikuçar, seržant, konsultant görnüşleriniň çagalaryna berýän bilimi, terbiýesi barada gürrüň edildi. Mundan başga-da maşgala mekdebi barada peýdaly maslahatlar berildi.

Pedagogika maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Kaka etrap Geňeşiniň hem-de Kaka etrabynyň Telekeçiler mekdebiniň guramagynda geçirildi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok