Ýaňy ýakynda Balkanabat şäheriniň Kämil bilim okuw merkezinde “90-njy ýyllaryň ýaşlary bilen häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasynda tapawut” ady bilen pedagogik maslahat geçirildi.
Maslahatyň diňleýjileri mekdep okuwçylary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäheriniň Geňeşiniň wekilleri, Kämil bilim okuw merkeziniň diňleýjileri boldy.

Pedagogika maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Isa Artykow “90-njy ýyllaryň ýaşlary bilen häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasynda tapawut” atly tema boýunça çykyş etdi.
Pedagogika maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Balkanabat şäher Geňeşiniň, Balkan welaýatynyň Ýaşlar guramasynyň hem-de Kämil bilim okuw merkeziniň guramagynda geçirildi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň işjeň agzalary şäher we etraplarda yzygiderli pedagogik maslahatlary geçirýärler.
Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.
Teswirler