Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Ýaňy ýakynda Halaç etrabynyň Telekeçiler mekdebinde “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi.

Bu maslahata mekdep okuwçylary, mugallymlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu maslahatda  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary Abdullaýew Baýram we Çaryýew Baýram “Menejmentde kommunikasiýa” temasy boýunça çykyş etdiler.

Mundan başga-da maslahatyň dowamynda ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölüminiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Maslahat Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Halaç etrap Geňeşiniň hem-de Halaç etrabynyň Telekeçiler mekdebiniň guramagynda geçirildi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Mary şäherinde hukuk sowatlylygy barada seminar geçirildi
Köneürgenç şäherinde “Maşgala, ynam, karýera” atly seminar geçirildi
Aşgabatda ýas dizaýnerler duşuşygy geçirildi
Balkanabat şaherinde pedagogik maslahaty geçirildi
Kaka etrabynda maşgala mekdebi barada pedagogik maslahaty geçirildi
“Maglumat beriş” bölüminiň ýaş meýletinçileri pedagogik maslahatlary geçirdi
Änew şäherinde pedagogik maslahatlary geçirildi
Daşoguz şäherinde “Sosial media we ýaşlar” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Sarahs etrabynda “Üstünlige ýetmegiň ädimleri” atly pedagogika maslahaty geçirildi
Halaç etrabynda “Menejmentde kommunikasiýa” atly işewürlik maslahaty geçirildi

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok