Arkadag şäheri taryhyndaky ilkinji maýa goýum forumyny geçirer!

30-njy iýunda Märkaw myhmanhanasynda «Arkadag-akylly şäher» ady bilen Arkadag şäheriniň taryhyndaky ilkinji maýa goýum forumy geçiriler. Maýa goýum forumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralar we oňa 200-den gowrak hususy kompaniýalar we dünýäniň dürli ýurtlaryndan iri halkara guramalar we banklar gatnaşar. 

Forum Türkmenistandaky ilkinji döwlet ähmiýetli şäheriň maýa goýum mümkinçiligini görkezmek üçin mümkin boldugyça köp gyzyklanýan taraplary birleşdirmäge niýetlenendir.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň işewürleri tarapyndan öndürilen önümleriň sergisi gurnalar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok