Şatlykda täze gaz gysyjy desga gurlar!

«Türkmengaz» döwlet konserni «Gündogar – Günbatar» gazgeçirijisiniň Şatlyk böleginde täze gaz gysyjy desgasyny gurar. Degişli desgany gurmak we gerekli enjamlary daşary ýurtlardan getirmek boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi.

Halkara bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler konserniň paýtagtymyzdaky Arçabil şaýolunyň 56-njy jaýynda ýerleşýän merkezi edarasynda kabul edilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Gündogar – Günbatar» gazgeçirijisi ýurdumyzyň Mary welaýatyndaky baý gaz ýataklaryny Hazar kenaryndaky uglewodorod ýataklary bilen birleşdirýän iri bitewi ulgamdyr. Onuň kömegi bilen tebigy gazyň sarp edijilere bökdençsiz ýetirilmegi üpjün edilýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok