«Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahatyna taýýarlyk işleri başlandy

Ýurdumyzda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahatyna taýýarlyk işleri başlandy. Maslahat iýun aýynyň ortalaryna geçiriler. Häzirki wagtda forumyň gün tertibi düzülýär şeýle-de prezentasiýa teklipleri kabul edilýär.

Ylmy maslahatyň işine halkara guramalarynyň, akademiki we diplomatik gulluklaryň wekilleri, ekologlar, maýadarlar, maliýeçiler, ylmy-barlagçylar we beýlekiler gatnaşar.

Çäräniň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» HJ we Gaffney Cline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

«Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahaty ylmy barlaglaryň we iň gowy tejribeleriň esasynda uglewodorodlary ekologiýanyň zerur talaplaryny berjaý edip işläp taýýarlamaga ýardam eder.

Ýeri gelende belläp geçsek, çäräniň guramaçylary halkara ylmy maslahat üçin daşary ýurtly wekilleriň ählisine wiza goldawynyň beriljekdigini mälim edýär.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok