Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde döwletimiz gülläp ösýär. Ýurdumyzda bilim, ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda, durmuşa geçirilýän işler buýsanja mynasypdyr. Bilim ulgamynyň maddy-tehniki, şeýle-de ylmy-usulyýet binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak işleri möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedir.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady pugtalandyrylýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň bilim ojaklary döwrebap tehnologiýalar, okuw-tehniki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Biz talyp ýaşlar hem şeýle bilim ojaklarynda innowasion usullardan peýdalanyp mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Netijede, berilýän bilimiň hili has-da ýokarlanýar.
Biz ýaş nesillere kämil bilim almaga, millilige mahsus terbiýelenip ýetişmegimiz ugrunda ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gunça ŞAMURADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler