Bilimiň binýady berkden tutulýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde döwletimiz gülläp ösýär. Ýurdumyzda bilim, ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu babatda, durmuşa geçirilýän işler buýsanja mynasypdyr. Bilim ulgamynyň maddy-tehniki, şeýle-de ylmy-usulyýet binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak işleri möhüm orny eýeleýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedir.

Ýur­du­myz­da bilim ul­ga­mynyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Şo­nuň ýa­ly-da, ýur­du­my­zyň bi­lim ojak­la­ry döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar, okuw-teh­ni­ki en­jam­lar bi­len yzy­gi­der­li üp­jün edil­ýär. Biz talyp ýaşlar hem şeýle bilim ojaklarynda in­no­wa­sion usul­lar­dan peý­da­la­nyp mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Ne­ti­je­de, be­ril­ýän bi­li­miň hi­li has-da ýo­kar­lan­ýar.

Biz ýaş ne­sil­le­re kä­mil bi­lim almaga, mil­li­li­ge mah­sus ter­bi­ýe­lenip ýe­tiş­megimiz ugrunda äh­li şert­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Gunça ŞAMURADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok