Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň netijeliligini artdyrmak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu bolsa öz gezeginde okuw işleriniň hem göwnejaý alnyp barylmagyny, okatmagyň kämil usullaryny saýlap almagy talap edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde talyp ýaşlaryň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Geçilýän okuw sapaklary geljekki hünärmenleriň täze tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini alyp barmagyna, öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilýär.
Biziň okuw tejribeliklerini geçýän mekdeplerimiz hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen. Bu bolsa okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berketmäge, ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimimizi giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmamyzy artdyrmaga giň ýol açýar.
Ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, özgertmekde giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hoşallygymyzy beýan edýäris. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýsoltan MÄMETDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler