Garaşsyz Diýaryň daýanjy ýaşlar

Ýur­du­myz­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak ug­run­da taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de okuw iş­le­ri­niň hem göw­ne­jaý al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny, okat­ma­gyň kä­mil usul­la­ry­ny saý­lap al­ma­gy ta­lap ed­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ta­lyp ýaş­la­ryň ara­syn­da san­ly ara­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly umu­my okuw sa­pak­la­ry gu­ral­ýar. Ge­çil­ýän okuw sa­pak­la­ry gel­jek­ki hü­när­men­le­riň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den ulan­mak ar­ka­ly yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ma­gy­na, öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ne la­ýyk­lyk­da, yl­myň, bi­li­miň we önüm­çi­li­giň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýär.

Biziň okuw tejribeliklerini geçýän mekdeplerimiz hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen. Bu bolsa okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berketmäge, ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimimizi giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmamyzy artdyrmaga giň ýol açýar.

Ylym-bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, öz­gert­mek­de giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hoşallygymyzy be­ýan ed­ýä­ris. Goý, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Aýsoltan MÄMETDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok