Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ylmyň soňky gazananlaryny, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalyk ulgamynda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Üstünlikli amala aşyrylýan şeýle oba hojalyk özgertmeleri ilatymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has hem gowulanmagyna, azyk bolçulygyny döretmeklige giň ýol açýar. Alnyp barylýan asylly işleriň binýady bolan şeýle başlangyçlar agrosenagat toplumynyň ösüşlerine itergi berýär. Dünýä ylmynyň soňky gazananlary bolan täze tehnologiýalary, akylly enjamlary ornaşdyrmak bilen önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak öndürijiligi ep-esli derejede ýokarlandyrýar, zähmet şertlerini gowulandyrýar. Şeýle-de dünýäniň kuwwatly, kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna bu iri pudagyň tehniki binýady barha pugtalandyrylýar. Halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesiniň gaýtadan dikeldilmegi bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmeklige şert döredýär. Oba hojalyk ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, tohumçylyk işini kämil ýola goýmak, alynýan hasylyň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Oba hojalygyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmeginde esas bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda dünýäniň köp döwletlerinde diýen ýaly howanyň, topragyň, suwuň hapalanmagynyň öňüni almak babatda birnäçe ylmy-barlaglar, gözegçilikler, ylmy seljermeler alnyp barylmak bilen, onuň netijeli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu bolsa oba hojalygyny doly derejede awtomatlaşdyrmak arkaly oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyndan habar berýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen köpugurly özgertmeler azyk bolçulygyny berkitmegiň ygtybarly kepilidir.
Muhammet ILMURADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler