Dima Bilan – müňlerçe Türkmenistanlylary joşdurdy!

Geçen şenbe güni meşhur rus estrada aýdymçysy Dima Bilan Aşgabatda konsert berdi.  Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň sahnasynda geçirilen konserte takmynan 8 müňden gowrak Türkmenistanly gatnaşdy.

Konsert diýseň şowhunly ýagdaýda geçdi. Konsertiň dowamynda gatnaşyjylar meşhur rus estrada aýdymçysy bilen bilelikde tutuş toplum bolup aýdym aýtdylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok