Ahal merkezinde “Smart city” konsepsiýasy ornaşdyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda iş saparynda boldy. Bu taýda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi geçirilip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyş boldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň golaýyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň edara binasynyň, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan 7 gatly, 28 öýli, we 56 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň dowam edýändigini belläp geçdi. Şeýle-de täze, döwrebap edara ediş merkezinde sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamarynyň ornaşdyrylmagy “Smart city” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, “Akylly öý” ulgamy boýunça tehniki tabşyrygy taýýarlanyp, elektrik energiýasy, gaz, suw üçin tölenýän tölegleriň sanly ulgam arkaly geçirmek üçin niýetlenen enjamlary peýda peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Ýulduz BABAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok