Halkyň saýlany – Hakyň halany

Ata Watanymyz Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresi –  Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary Berkarar türkmen döwletinde halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň, demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, milli hukuk kadalarymyza, ata-babalarymyzyň demokratik däplerine wepalylygyny ýene-de bir gezek açyp görkezdi. Çünki, türkmen halky öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmeklik bilen, iň ýokary döwlet wezipesine ýurdumyzyň syýasy partiýalary we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen 9 sany dalaşgäriň has mynasybyna ses berdi. Munuň özi bolsa, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň milli kanunçylyga laýyklykda, türkmen halkyna mahsus bolan demokratik ýörelgelerden hem-de saýlaw hukugynyň halkara derejede umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp,  bäsdeşlik esasynda geçirilendigini anyk-aýdyň kepillendirýär.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi. Diýmek, halkymyz 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa uly ynam bildirip, ony döwlet Baştutany wezipesine saýlady.  Halkyň saýlany – Hakyň halany. Çünki, beýik akyldar şahyrymyz Döwletmämmet Azadynyň   «Wagzy-Azat» poemasynda patyşa Allanyň ýerdäki wekilidigi barada aýratyn belläp geçmekligi hem, il arasynda ýörgünli bolan «Halkyň saýlany – Halkyň halany» diýen aýtgynyň ýöne ýerden döremändigini aýan edýär. Biziň halkymyz öz bagtly geljegini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent maksatlarynda gördi we oňa uly ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlady. Bu taryhy pursady, halkymyzyň sesini şahyrana dilde özleriniň ýürek owazlaryna goşan şahyrlaryň – Ogultäç Oraztaganowanyň «Ogul» atly şygrynyň:

Watan yşky, ýurt söýgüsi urup duran ýürekdedir,
Başyňyza Döwlet guşy gonsun – arzuw ýürekdendir,
Ýollarymyz ýöne ýol däl, ählijesi ýüpekdendir,
Dowamata dowam bolan ykbaldyr bu, gutly bolsun,
Serdarymyz, ak ýollarda gadamyňyz batly bolsun,
Siziň bilen il-günümiz elmydama bagtly bolsun!

– diýen, şahyr Aşyrmät Garlyýewiň  «Täze eýýam» atly goşgusynyň:         

Türkmeniň kämil paýhasy döwürlere saçýar ýalkym,
Ösüşlerden ösüşlere galkyn halkym, ýene galkyn!
Gujurly Serdara ýetdik, biz Arkadag bilen galkyp,
Başlandy täze eýýamy, täze zamanasy «Halkyň
Arkadagly zamanasy» — ykballaryň döwlet guşy,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy.

– diýen bentleriniň baý many-mazmuny hem aýan edýär.

Milli Liderimiz şu ýylyň 15-nji martynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlanynda:  «Bu ýeňiş biziň halkymyzyň bildiren ynamynyň netijesidir. Adamlaryň ynamy bolsa mukaddesdir we hökman ödelmelidir. Munuň üçin, ilki bilen, Watany hem-de mähriban halkyňy çäksiz söýmeli. Hemişe halkyň aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňi, tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli. Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly.» – diýip bellemeklik bilen, pähim-parasada ýugrulan atalyk pentlerini berdi. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow bolsa, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna ýüzlenip, milli Liderimiziň bu atalyk pentlerini özüniň döwlet işiniň esasy ýol-ýörelgesine öwürjekdigine ynandyrdy.

Ýazgeldi ÝAKUBOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok