Maşgala terbiýesi – kämil nesliň binýady

Maşgalany baş galasyna deňeýän türkmen halky maşgala terbiýesine, edep medeniýetine aýratyn üns berýän halklaryň biridir. Dana ata-babalarymyzyň «Türkmen halk nakyllary» « Paýhas çeşmesi» atly kitaplarda ýer alan  «Adam bir ýaşar, edebi – iki», «Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan», «Adam görki –  akyl, söz görki – nakyl», «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň – çägi», «Terbiýesiz çaga – baş öwredilmedik at», «Aýdyp etdirip bolmasa, urup etdirip bolmaz», «Çagany – ýaşdan, edebi – başdan», «Çagany pully-da etme, pulsuz-da tutma», «Çagany söýgüleseň, beti (ýüzi) gatar, uruberseň, eti gatar», «Çagany taýak bilen ursaň, ulalansoň ol seni damak bilen urar», «Gyz edebi – il edebi», «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz»,«Gyzyny urmadyk dyzyny urar»,  «Gyz – gylygy bilen, ogul – edebi bilen», «Gyzy saklap bilmeseň, güň bolar, ýüpegi saklap bilmeseň – ýüň», «Gyzy söýseň däli bolar, ogly söýseň – doly», «Ogul atadan görmese, supra ýaýmaz», «Ogul edebi bilen arzyly, gyz – gylygy bilen» ýaly atalar sözleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu atalar sözleriniň mazmunyndan-da görnüşi ýaly, parasatly pederlerimiz maşgala terbiýesine örän eserdeň hem seresaply çemeleşipdirler. Çünki, türkmen halky maşgala terbiýesini örän jogapkärli iş hasaplap ýadamany-ýaltanmany bilmändir.

Dana ata-babalarymyz çaganyň ýanynda aýdyljak sözüň örän oýlanşykly aýdylmagygyny, perzendiň her bir hereketine aýratyn üns berilmegini zerur hasaplapdyrlar. Türkmen milletiniň maşgala terbiýesini gören ogul-gyzlary bolsa, halkymyza mahsus, özboluşly bir ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen dünýä nusgalyk edähetleri özlerinde jemläpdirler. Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Ýaş oglanlar halkymyzyň asylzadalyk sypatlaryny: belent adamkärçiligini, ýokary medeniýetliligini ýaşadýan häsiýetleri özünde jemlemelidir. Şonuň üçin hem oglan ýeterlik terbiýe alýança, il-günüň, öz maşgalasynyň durmuş synagyndan geçýänçä, ol «oglandyr». Beýle diýýänligimem, onuň heniz juwanlygydyr, entek hakyky merdanalyk keşbine eýe däldigidir.» – diýip bellemeklik bilen, türkmen halkynyň maşgala terbiýesinde nesil-nebere edebine aýratyn ähmiýet berýändigini aýan edýär.

Sülgün BAÝRAMMÄMEDOWA,

D.Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok