Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň kiçi zalynda Türkmenistanyň halk artisti halypa kompozitor DAŇATAR ÖWEZOWYŇ doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama konserdi geçirildi. Konsert Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Gülbahar Ýazmämmedowanyň alyp barmagynda geçirildi. Konserdimiz halypa kompozitor Daňatar Öwezowa taýýarlanan wideo-şekiller bilen başlandy. Onda kompozitoryň döredijiligi barada täsirli gürrüňlerdir suratlar bolup, tomaşaçylarda has-da gyzyklanma döretdi. Ilkinji bolup Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň hor toparynyň, Daňatar Öwezowyň Magtymguly Pyragynyň goşgusyna “Baglar heý” diýen hor aýdymy Maýa Amangeldiýewanyň dirižorlyk etmeginde ýerine ýetirildi. Şol bir ýerine ýetirilişikde “Kyrk baharyň gülleri” atly hor aýdymy yaňlandy. Soňra bolsa, Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölüminiň mugallymlary Läle Arazdurdýewa we Ogulgerek Dinjiň sazandarlyk etmeginde, D. Öwezow, A.Şapaşnikow “Şasenem-Garyp” operasyndan Abadanyň ariýasy ýerine ýetirildi. Konsert D.Öwezow, Ý. Meýtus “Leýli-Mejnun” operasyndan Leýliniň ariýasy, Ogulgerek Pirnaýewanyň ýerine ýetirmeginde hem-de Halkara bäsleşikleriň diplomaty Stella Faramazowanyň sazandarlygynda dowam etdi.
Magtymguly adyndaky sazly drama teartrynyň Edebiýat bölüminiň müdiri, terjimeçi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimow çykyş etdi. Ol Daňatar Öwezow bilen bile geçiren döwründäki ajaýyp wakalary gürrüň bermek bilen, diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Konserde Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary, kompozitor Daňatar Öwezowyň gyzlary Aýna Öwezowa we Aýlar Öwezowa dagylar gatnaşdylar we çykyş edenlere sowgatlar gowşuryldy. Konserdimiz D.Öwezowyň “Kolhozyň güli” atly eseriniň Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň Halk saz gurallary ansamblynyň ýerine ýetirmeginde dowam etdi. Ansamblyň çeper ýolbaşçysy Astanogly Baýramow. D.Öwezow, A.Şpaşnikow “Şasenem-Garyp” operasyndan “Garybyň aýdymy”. Ýerine ýetirdiler: Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň Üfelenip we kakylyp çalynyan saz gurallary orkestri. Ýekelikde Amangeldi Hudaýgulyýew. Dirižory Gurbanberdi Begenjow. Soňra bolsa, Mähri Moşiýewanyň sazandarlyk etmeginde D.Öwezowyň Gara Seýitliýewiň goşgusyna “Leýla” aýdymy Begenç Moşiýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar. Sazy: D.Öwezowyňky, “Şasenem-Garyp” operasyndan “Ilmyradyň aýdymy”. Röwşen Baýramowyň hem-de Halkara we Milli bäsleşikleriň ýeňijisi Mähri Orazowanyň sazandarlygynda ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa, özüniň ussat sazandarlygy bilen Halkara bäsleşikleriň diplomaty Stella Faramazowa dagylar, “Şasenem-Garyp” operasyndan “Şasenemiň arioziýasy” bilen çykyş etdiler. Şol bir ýerine ýetirilişikde D.Öwezowyň Gara Seýitliýewiň goşgusyna “Aşgabat” aýdymy bilen, konserdimiz uly şowhun bilen tamamlandy.
.
Doýduk ÖWEZBERDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň Fortepiano hünäriniň II ýyl talyby.
Teswirler