Aşgabat şäher çagalar hassahanasynda Döwlet Gurjak teatrynyň göçme sahnasy guraldy. Hassahananyň mejlisler zalynda bu ýerde saglygyny dikeldýän çagalar üýşüp, teatr artistleriniň gyzykly çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Tomaşa belli bir hekaýany ýerine ýetirmän, bölek bölek gülkili, aýdym-sazly sahnalar goýuldy. Oýunlaryň aglaba bölegi interaktiw görnüşde geçdi. Ýagny, oýundaky gahryman gurjaklar ýaş tomaşaçylara sorag bilen ýüzlenýär. Şol soragyň netijesinde oýunyň ugry kemala gelýär.
Tomus möwsüminde saglygyny dikeldýän çagalar we olary ene-atalary üçin bu örän garaşylmadyk sowgat boldy.
Çäräni tomaşa etmäge Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher kommitetiniň we Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzalary hem geldi.
Teswirler