Ýurdumyzda polipropilen haltalaryny öndürýän täze zawod işe girizildi

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Aziýa plastik” zawody oktýabryň başyndan bäri köp sanly materiallar üçin polipropilen haltalaryny öndürip başlady. Häzir bolsa awtomatik liniýalarda 50-60 kilogram agramly unlary daşamak üçin niýetlenen haltalar öndürilýär.

Kärhananyň önümçiliginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Gyýanly polimer zawodynda öndürilen içerki çig maldan peýdalanylýar. Täze kärhananyň kuwwaty aýda 100 tonna polipropileni gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

“Aziýa plastik” zawodynda sumkalary, gaplamak üçin matalary we plastik lentalardan tehniki dokma önümlerini öndürmekde senagat zawodlarynda giňden peýdalanylýan öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly “Starlinger” enjamlary ulanylýar.

Merjen HANDURDYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok