,,Röwşen’’ aýakgaplar sergide

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ,,Söwda-senagat’’ edarasynda sergi guraldy.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňi syrasynda geçirilýän, däbe öwrülen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.    Söwda-senagat edarasynyň guramagyn geçirilýän sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşdy. Söwda-senagat edarasynda guralan sergä gatnaşan ýurdumyzyň Mary şäherinde ýerleşýän ,,Röwşen’’ hususy kärhanasy döreýiş taryhy we öndürýän önümi bilen gyzyklananymyzda onuň gürrüň bermegine görä :                                                                    

 – Mary şäherinde ýerleşýän ,,Röwşen’’ hususy kärhanasy 2003-nji ýylda bäri dünýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen bilelikde utgaşdyryp berk ykjam, ekologiýa taýdan arrassa, ýokary hilli deriden tikilen aýakgap önümleri öndürüp halkymyzyň hyzmatyna ýetirip gelýär. Kärhanada 200 den gowrak adam zähmet çekýär. Mundan başgada bellläp geçmeli zatlaryň biride ,,Röwşen’’ hususy kärhanasy diňe bir erkek adamyň aýakgap önümlerini öndürmek bilen çäklenmän eýsem häzirki döwürde mekdep ýaş okuwçylary we zenan maşgalalar üçin hem täze tapgyryny öndürmäge başlady.

Türkenistanyň çäklerinde ýagny Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda we etraplarymyzda ,, Röwşen’’hususy kärhanasy 30-dan gowrak satyş nokatlary bar. Hem-de www.rowshen.tm onlaýyn şatyş nokady bar, internet saýtynda onlaýyn sargyt edip bilersiňiz.

.              

         Batir Sadullaýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok