«Rahat» atly täze ýolagçy gämisi gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan “Rahat” atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata beripdi.

“Rahat” atly täze ýolagçy gämisini dabaraly garşylamak çäresi geçirilip, oňa gatnaşyjylar gämini aýdym-sazlar hem-de şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Milli däp-dessura laýyklykda, gämä alaja dakylyp, ak un sepildi we oňa Hazar deňziniň giňişliklerinde abadan ýüzüş dileg edildi. Soňra döredijilik toparlaryny, hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri goýnuna alan “Rahat” gämisi Hazaryň giňişligine ýüzüşe çykdy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir. Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr.

Ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan gämi rahat ýüzüşi amala aşyrmak, ýüzüşiň dowamynda oňaýly dynç almak hem-de deňiz giňişligini synlamak üçin zerur şertler bilen üpjün edilipdir. Döwrebap bezegi, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan bu gäminiň tehniki görkezijileri we enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.

Bu gäminiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň esasynda ýurdumyz üçin gurlandygyny bellemeli.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok