Medeniýet institutynda “Talyp gözeli-2021” bäsleşigi jemlendi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Adyl Arkadagymyzyň saýasynda ýaşlaryň okamagy we kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle maksatly bäsleşikleriň biri hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde gurnamagyndaky “Talyp gözeli-2021” atly bäsleşikdir.

Türkmen döwlet medeniýet instituty hem öz talyp gözelleriniň içinden iň gözelini we iň zehinlisini saýlamak boýunça bäsleşik gurnady. Institutymyzdan 5 sany gözeller öz arasynda 3 şert boýunça bäsleşip, öz başarnyklaryny çykyşlaryň, milli tagamlary taýýarlamak ussatlygynyň we el işde ezberliginiň üsti bilen äşgär etdiler. Bäsleşige gatnaşan gözeller bilen tanyş etsek olar şulardan ybaratdyr:

Nuryýewa Mahym – “Teatr sungaty” fakulteti.
Garahanowa Güller – “Teatr sungaty” fakulteti.
Nazarowa Abadan – “Kitaphanaçylyk” fakulteti.
Amandurdyýewa Güljemal – “Medeni-miras” fakulteti.
Orazmyradowa Oguljahan – “Teatr sungaty” fakulteti.

Aýratyn belläp geçsek, bäsleşigiň ilkinji şertinde taýýarlanan edebi çykyşlar, sahnalaşdyrylan taryhy wakalar, çeper okaýyşly goşgular we duýgulandyryjy monologlar has-da bäsleşige öwüşgün çaýdy.

Emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça hem, institutymyzyň “Talyp gözeli-2021″ adynyň hem-de bäsleşikde Baş baýragyň eýesi institutymyzyň “Medeni-miras” fakultetiniň III ýyl talyby Amandurdyýewa Güljemal diýlip, yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisine we gatnaşanlara gymmatbaha sowgatlar dabalary ýagdaýda gowşuryldy. Biz hem redaksiýamyzyň adyndan talyp gözellerimizi gazanan üstünlikleri bilen gutlap, indiki bäsleşiklerde hem uly üstünlikleri arzuwlaýarys!

Ýunus ALLANAZAROW,
“MEDENIÝETIŇ GÖZÝETIMI”

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok